Nagt däl hasaplaşyklaryň aýratynlyklary

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň at-owazasy dünýä dolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüş ýolunda täze innowasion tehnologiýalara aýratyn orun berýär. Milli bank ulgamynda bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmek ugrunda düýpli işler durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz we maliýe syýasatynyň çäklerinde milli manadymyzyň hümmetiniň durnukly saklanylmagy, pul toplumyny kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak boýunça degişli işleriň geçirilmegi dowam etdirilýär.

Milli manadymyz kanuny töleg serişdesi bolmak bilen birlikde daşary ýurt pullaryna bolan gatnaşykda hümmetini berkidip, ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny hem-de bäşdeşlige ukybyny ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryň çekilmeginiň durnuklylygyny üpjün etmäge, ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Milli manadymyz bazar ykdysadyýeti şertlerinde, ýurdumyzyň netijeli ösüşiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň möhüm guralydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda täze denominirlenen türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi özbaşdak durmuş-ykdysady syýasaty alyp barmagy berkitmäge, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga, oýlanyşykly pul-karz syýasatyny işläp düzmäge hem-de amala aşyrmaga zerur bolan amatly şertleri döretdi.

Ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak, dolanyşykda hereket edýän bank kartlarynyň wezipeleýin mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir.

Öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzyň banklary öz müşderilerine döwrebap nagt däl hasaplaşyklaryň birnäçe görnüşlerini hödürleýärler. Muňa mysal edip, bank kartlary arkaly söwda nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş jaý hyzmatlaryny tölemek, awtoulagyň ýangyjy üçin tölegleri, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanylan göterimleri tölemek, awia we demir ýol ulaglarynyň peteklerini satyn almak, talyp töleglerini geçirmek ýaly nagt däl hasaplaşyklary görkezmek bolar.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, degişli edara-kärhanalara barmazdan, islendik tölegi menzilara amala aşyrmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Sarp edijilere internetiň üsti bilen harytlaryň we hyzmatlaryň has köp görnüşleriniň amatly şertlerde hödürlenmegi, olar üçin internetiň ýa-da ykjam telefonyň kömegi bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge amatly şertleriň döredilmegi pul serişdelerini tygşytlamaga we ilatyň süýşürintgiler serişdelerini artdyrmaga, şeýle-de milli manadymyzyň durnuklylygyny has-da berkitmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende, «Cash back» hyzmatyň hödürlenmegi – geçirilen nagt däl hasaplaşygyň belli bir möçberiniň satyn alyjynyň bank kartyna yzyna gaýtarylyp berilmegi raýatlarymyzyň bank kartlaryna bolan ynamyny has-da berkitdi.

Amatly, ygtybarly we ýokary goraglylygy üpjün edilen uzak aralykdan menzilara elektron töleglerini geçirmek hyzmatlarynyň ýola goýulmagy ýa-da QR code (dessin tassyklanylýan kody) skanirlemek arkaly tölegleri geçirmek ulgamyny ýola goýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň bank ulgamynyň ýeten belent sepgitleriniň biri bolup durýar. Hakykatdan-da, nagt däl hasaplaşyklar, nagt hasaplaşyklara garanyňda, söwda nokatlarynda we bank kassalarynda nagt puly sanamakda, nobatlarda durlanda we ýollarda sarp edilýän wagty tygşytlamaga, işçi güýjüni az sarp etmäge, ýolda sarp edilýän ýangyjy azaltmaga hem-de hasaplaşyklaryň ygtybarlylygy ýaly amatlylyklary bilen tapawutlanýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň hilini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine çykarmak, hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak  hem-de milli pulumyzyň hümmetiniň durnuklylygyny üpjün etmek ykdysady ösüşimiziň häzirki tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent maksatly işleri rowaç bolsun!

 

Türkmenistanyň Döwlet ösüş

 bankynyň baş derňewçisi                                              Batyr REJEPOW