Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi

07.11.2020

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.

Irden, asylly işe başlamagyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Hanbeg diýen ajaýyp bedewe atlanyp, bag ekmek çäresiniň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Ýylyň her döwri biziň ajaýyp Watanymyzda topraga bolşy ýaly, adamlara-da aýratyn täsir edýär. Güýzde türkmen topragynyň giňişliklerinde ajaýyp howa kalbyňy joşdurýar hem-de mähriban Diýarymyzyň aýawly goralýan tebigatynyň berekedini ýüze çykarýar. Bu bolsa ýurdumyzdaky ekologiýa ýagdaýyna milli Liderimiziň berýän uly ünsüniň netijesidir.

Türkmeniň kalby ýaly giň tebigat, hakykatdan-da, jadylaýjy, ruhuňy galkyndyryjy güýje eýedir. Sähralaryň täsin gözelligi, onuň goýnunda ösüp ýetişýän ösümlikler halkymyzyň bereket bolçulygynyň gözbaşy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ilkibaşky keşbi gorap saklamak hem-de sähralaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň seýilgähleriniň çäkleriniň giňeldilmegi adam üçin oňaýly howanyň emele gelmegini üpjün edýär.

Öňki döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da ganatly bedewler halkymyzyň buýsanjydyr we şöhratydyr — toýlaryň hem-de ählihalk baýramlarynyň baş bezegi bolup, dabaralara ajaýyp öwüşgin we kalba joşgunlylyk berýär. Bu bolsa halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň ýene biriniň dowam edýändigini, özi hem şunda onuň döwrebap mazmun bilen baýlaşýandygyny aňladýar.

Ahalteke tohum atlarynyň dünýäde şöhratyny artdyrmak we gorap saklamak işinde hormatly Prezidentimize bimöçber uly hyzmat degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda behişdi bedewleri köpeltmek, olaryň gymmatlyklaryny kämilleşdirmek üçin döwlet tarapyndan döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen seýisleri we atşynaslary netijeli işleri alyp baryp, asyrlaryň dowamynda olaryň ösdürilmegine uly zähmetini, ajaýyp zehinini we çäksiz söýgüsini bagyş eden ata-babalarymyzyň ösdürip ýetişdiren ahalteke tohum atlarynyň şöhratly senenamasyny dowam edýärler.

Halk seçgiçiliginiň bu ajaýyplygy döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygyny alamatlandyryp, milli gymmatlyk bolup durýar. Şol gymmatlyga suratkeşler we alymlar, şahyrlar we ýazyjylar döredýän eserlerini bagyşlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gysga wagtyň içinde ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyryldy, ömrüni bu hünäre bagyş eden hünärmenleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça uly işler geçirildi.

Bularyň ählisi dünýä atşynaslygyny diňe bir baýlaşdyrman, eýsem, türkmenlerde arassa ganly görnüşde saklanyp galan ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň taryhy watany bolan türkmen topragynda behişdi bedewlere we atşynaslara ägirt uly hormat goýulýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy ýagdaýlarynyň biri hökmünde aýratyn uly üns berýär.

Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyna, çölleşmä garşy göreşmäge, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamaga, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini goramaga hem-de birnäçe beýleki möhüm wezipelere degişlidir.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbitlerinde milli we dünýä möçberinde Milli tokaý maksatnamasy amala aşyrylýar. Onda şäheriň we obalaryň töwereginde, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ugrunda «ýaşyl guşaklyklary» döretmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşýan bu ägirt uly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine milli Liderimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň ähmiýetli ugry hökmünde aýratyn üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejesindäki forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda öňe süren başlangyçlary hem bu möhüm meseläniň çözülmegine gönükdirilendir. Şol başlangyçlar halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki ekologik taslamalar we maksatnamalar üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.

Halkymyzda: «At agynan ýerde toý bolar» diýilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesiniň giňden dabaralanyp, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan günlerinde ahalteke bedewlerimiziň mekanynda badalga alan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna döwlet Baştutanymyzyň Hanbeg atly behişdi bedewinde gelmegi bagtyýar halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Milli Liderimiziň howandarlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek baradaky maksatnama — munuň özi bütin adamzady tolgundyrýan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek ugrunda umumydünýä işine saldamly goşantdyr.

Ýurdumyzda bag ekmek boýunça çäräniň güýzüň ajaýyp günleriniň birinde geçirilmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk kämilleşdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen arçasyny oturdyp, bag ekmek işleriniň täze tapgyryna badalga berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşap geldi. Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, has takygy, dag çeşmeleri, hoştap howasy ýerli tebigatyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeledi.

Geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ýurdumyzyň çäginde gadymy döwürlerde gülläp ösen ýaýlalaryň bolandygy, ata-babalarymyzyň bolsa ekerançylyk bilen meşgullanyp, miweleri ýetişdirendigi anyklanyldy.

Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresine ähli türkmenistanlylar asylly däplere eýerip, mynasyp goşant goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Şunda milli Liderimiz her sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryna kybap gelýän bag nahallaryny saýlamagyň uly ähmiýete eýedigini nygtaýar.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk şöhratly senesine beslenýän şu ýylda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda jemi 25 million düýp bag nahallary ekilýär.

Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyz sosna nahallarynyň 30 düýbüni oturtdy. Şunça düýp nahallaryň ekilmeginde çuňňur many bar, çünki munuň özi mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine agzybirlik bilen eýerip, çärä gatnaşýanlaryň hem her biri 30 düýp nahal ekdi. Halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini artdyrýan çärä gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ekilen baglaryň sazlaşykly ösmegini gazanmak üçin olara gerekli derejede ideg etmek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekilen nahallara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň zerurdygy barada görkezme berdi.

Ýurdumyzda güýz hem-de ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologiýa abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär. Türkmen ilinde bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şoňa görä-de, geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäresine ýurdumyzyň uludan-kiçä ähli ilaty işjeň gatnaşýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi adamlaryň saglygyny goramak hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek ýaly wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumlarda daşky gurşawy goramak boýunça öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynda ekologiýa taslamalaryna möhüm orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak ýaly ählumumy wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň derýalarynyň, kölleriniň, Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyny, deňziň biologik köpdürlüliginiň saklanmagyny goramak, suwlaryň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tebigata aýawly çemeleşmek, dag etekleriniň, ýaýlalaryň we sähralaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini, täsin tebigy gözellikleri goramak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bularyň ählisi ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Şu günki dabara mynasybetli medeniýet işgärleri we sungat ussatlary tarapyndan geçirilen baýramçylyk konsertiniň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bag nahallarynyň ekilendigini, watandaşlarymyzyň sogap işe gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz köpri gurmagyň, ýol çekmegiň hem-de bag ekmegiň örän sogap iş hasaplanylýandygyny aýdyp, bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak däpleriniň nesilden-nesle geçip dowam edýändigini alamatlandyrýan köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň ekologiýa babatda möhümdigine ünsi çekip, bu ýörelgelere ýurdumyzyň syýasatynda ähmiýetli orun berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sungat ussatlarynyň çykyş etmeginiň öň ýanynda çekilen asylly zähmetden soň, hoş owazly aýdym-sazlar bilen adamlaryň ruhunyň has-da artýandygyny belledi.

Konsertde Türkmenistanyň Gahrymany, mähriban Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazan, ähli türkmenleriň Arkadagy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Soňky ýyllarda türkmen topragy özgerdi we gülläp ösdi. Bu bolsa, hakykatdan-da, ählihalk goldawyna eýe bolan döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Munuň şeýledigine şu gün bag ekmek çäresiniň dowamynda-da göz ýetirmek boldy. Bu çäre türkmenistanlylaryň jebisliginiň hem-de zähmete bolan höwesiniň hakyky baýramyna öwrüldi. Aýdym-sazly çykyşlar bu dabaralaryň üstüni ýetirip, olaryň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Tomaşaçylar ýurdumyzyň ägirt uly üstünliklerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň her çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan «Güller açýar Türkmenistan!» diýen aýdym ýerine ýetirildi. Onuň ruhuňy göteriji sözlerinde hem-de joşgunly mukamynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp geljegine bolan tüýs ýürekden buýsanç duýgusy beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşanda bag ekmek çäresine gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi