BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ BELENT ÜSTÜNLIKLERI

01.06.2021

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň köpugurlylygyny gazanmak babatynda belent üstünliklere ýetilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlarynda gazanylýan uly üstünlikler, belent sepgitler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu gazanylýan uly üstünlikler hem-de belent sepgitler netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar, ýurdumyz täze ösüşler bilen aýdyň gelejege tarap öňe barýar.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasatynyň esasyny düzýän umumadamzat bähbitli beýik işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş berip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýar. Muňa ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Mysal hökmünde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy senelerine bagyşlanyp Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň açylyp ulanylmaga berlendigini görkezmek bolýar. Bu binalaryň açylmagy eziz Diýarymyzyň dowamly ykdysady ösüşiniň, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.

Berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetini barha ösdürmek we ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady syýasatyndan hem-de ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk hem pugtalandyrmagy we ösdürmegi maksat edinýän parasatly ýörelgelerinden ugur alyp, bank ulgamynyň işjeňligi has-da kämilleşýär. Bank ulgamy tarapyndan ata Watanymyzyň mundan beýläk hem pajarlap ösmegi ugrunda maliýe durnuklylygy ýokarlandyrmak, karz edaralaryň maýa goýum işini işjeňleşdirmäge gönükdirilen karzlaryň möçberlerini artdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek bilen kärhanalara we ilata edilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ýaly işleriň amala aşyrylmagy netijeli dowam edýär.

Bank ulgamynyň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” ulgamyň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär we şoňa laýyklykda ýurdumyzda barha kämilleşýän maýa goýum syýasaty bilen ýerli we daşary ýurt maýadarlary hem-de işewürleri üçin täze mümkinçilikler açylýar, amatly şertler döredilýär. Şonuň ýaly hem, ýurdumyzda döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçilige edilýän ýeňillikler, berilýän höweslendirmeler we goldawlar esasynda telekeçiler tarapyndan ýurduň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça hödürlenýän taslamalar, şol bir wagtyň özünde maýadarlary kanagatlandyrjak taslamalar öwrenilýär we olary durmuşa geçirmek üçin milli kanunçylygymyz halkara hukugyny nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.

Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, ösen sanly ykdysadyýeti kemala getirmek hem-de hil taýdan has ýokary derejä çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul dolanşygynyň netijeliligini artdyrmak, täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, hünärmenleriň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini  giňeltmek, raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallarynyň, sanly ulgamda “Internet-bank”, “Mobil-bank”, “Halkbank-terminal” ulgamlarynyň, şeýle hem ykjam telefonlarda gurnalýan elektron-gapjyk mobil goşundysynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklar özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Bu ugurda elektron maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça daşary ýurt iş tejribesini ulanmak arkaly bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Sanly bank hyzmatlarynyň ýene bir görnüşi, QR-kodly tehnologiýany töleg ulgamyna ornaşdyrmak, elektron söwdalaryň howpsuzlygyny üpjün edýän tehnologiýalaryndan peýdalanmak boýunça hem çäreler giňden alnyp barylýar. Elbet-de, QR-kodly tehnologiýasynyň töleg ulgamyna ornaşdyrylmagy tölegleri nagt däl görnüşinde aňsat, elýeterli, çalt we howpsuz ýerine ýetirmek mümkinçiligini döredýär. QR-kod boýunça tölegleri amala aşyrmak üçin ykjam telefonlarda gurnalýan elektron-gapjyk mobil programma goşundysynyň  üsti bilen pul serişdeleri elektron görnüşde müşderiniň hasabyndan harydyň ýa-da hyzmatyň satyjysynyň hasabyna geçirilýär, ýagny töleg terminallaryna bolan zerurlygy hem aradan aýyrýar.

Mundan başga-da ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan nagt däl görnüşinde geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de raýatlarymyza amatly şertleri döretmek maksady bilen, belli bir müşderiler toplumyna, söwda we hyzmat ediş ugurlaryna bagyşlap «Cash back» hyzmatyny işe girizip durýarlar.

Bu amala aşyrylan işler geljekde sanly ykdysadyýete geçmek boýunça berk binýat bolup, ýurdumyzyň banklarynyň öňünde goýan köp sanly maksatlaryna ýetmegine itergi berýär. Muňa mysal edip, sanly ykdysadyýetiň düýp özeni bolup durýan maglumatlaryň internetde web-sahypanyň üsti bilen elektron görnüşde kabul edilmegi, işlenilmegi we gaýtarylyp berilmegi ýaly bank hyzmatlaryny görkezip bolar.

Şeýle-de, “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda geçirilmeli çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda döwletiň paýynyň agdyklyk etmeginde banklaryň gurluş-hukuk düzümi boýunça paýdarlar jemgyýetlerine geçirilmegi netijesinde, banklar maýa goýumlary ynamly dolandyrmakda,gymmatly kagyzlar bilen işlemekde, gymmatly kagyzlaryň bazar bahalaryny kesgitlemekde we olary netijeli ulanmakda öz tejribelerini artdyrýarlar hem-de bank ulgamynyň işini kämilleşdirýärler.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir gününi belent sepgitlere ýetirmekde öz goşandyny goşýan agzybir halkymyz Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde açylyp ulanmaga berilýän iň täze binalaryň, desgalaryň dabaralary baýramçylygyň şowhunyny has-da belende göterýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde gazanylýan ägirt uly ösüşler we üstünlikler halkymyzyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Şonuň üçin hem her bir ösüşler, üstünlikler bagtyýarlyk döwrümizi has-da dabaralandyrýar.

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürýän, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Süleýman Nurberdiýew,

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň

başlygynyň – Baş buhgalteriniň wezipesini

wagtlaýyn ýerine ýetirijisi