DÖWREBAP IŞLER

17.06.2021

Ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamyna möhüm oryn degişli bolup, onuň wezipeleri halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul  görnüşindäki serişdeleriň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan we täzeçil bolmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan  döwlet syýasatynyň netijesinde, durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna esaslanýan milli bank ulgamy kemala geldi.

Soňky ýyllarda milli bank ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň paýynyň artdyrylmagy ugrunda çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, elektron töleg ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklaryň sany hem barha artýar. Şeýlelik bilen, pul dolanyşygynyň kadaly hereketi ýola goýulýar.

 Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, ýurdumyzyň maliýe – karz edaralary öz işlerini yzygiderli kämilleşdirmeklige çalyşýarlar. Şol jogapkärli wezipeleriň hatarynda milli manadymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, ilatyň erkin pul serişdelerini maýa goýumlaryna çekmek bilen, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda karzlaşdyrmanyň möçberlerini artdyrmak işlerini görkezmek bolar. Şeýle hem döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek hem-de bank işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny halkara ülňülere kybap getirmek işleri muňa degişlidir. Ýurdumyzda döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilik ulgamyny höweslendirmäge, önümleriň görnüşini artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde karz edaralary bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar.

Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bina edilýan durmuş-ykdysady desgalaryň hatarynda karz edaralarynyň ähli amatly şertleri özünde jemleýän we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze edara binalary hem bar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly seneleri mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze edara binalary hem munuň aýdyň mysallarydyr. Banklaryň täze binalarynda raýatlarymyz üçin uzak aralykdan bank kartlaryny açmak, arzalary elektron usulda kabul etmek we tölegleri onlaýn görnüşde «Altyn asyr» bank karty arkaly tölemek mümkinçilikleri ýola goýuldy. Şeýle hem, karz almaga isleg bildirýän raýatlara ýüztutmalaryny onlaýn görnüşde resmileşdirmek, müşderä bu ýüztutmalarynyň ýagdaýy barada menzilara habar bermek hyzmatynyň kämilleşdirilen görnüşi, ýagny «onlaýn-kabulhana» döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmekde taýsyz tagallalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent maksatly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Nartäç Annakowa

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Maglumat we sanly tehnologiýalar bölüminiň esasy hünärmeni