26.09.2021
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi.
Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady.
Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Myhman milli Liderimize türkmen-tatar gatnaşyklary meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistana ýene gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin şatdygyny aýtdy. Tatarystan Türkmenistany özüniň hoşniýetli dosty we geljegi uly hyzmatdaşy hasaplaýar.
Prezident Rustam Minnihanow Tatarystan Respublikasynda ýurdumyzyň milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleriniň ruhubelentlik bilen kabul edilýändigini aýtdy. Tatarystanyň Baştutany şu saparyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna gabat gelýändigini belläp, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin tatarystanly kärdeşlere minnetdarlyk bildirildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-tatar hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýändigini we onuň Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup çykyş edýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk bolsa uzak möhletli strategik häsiýete eýedir.
Giňişleýin düzümde geçirilýän duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Taraplar dürli ugurlarda özara bähbitli tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy hyzmatdaşlygyň hem-de bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň uly tejribesini topladylar. Bu babatda ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň esasy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň — “KAMAZ”, “Tatneft”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň we beýlekileriň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler bilen baglylykda, munuň üçin amatly mümkinçilikler açylýar. Şol özgertmeler bolsa milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşlerini çykarmaga niýetlenen täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Beýleki birnäçe ugurlarda, şol sanda senagat toplumynda, oba hojalygynda, ynsanperwer ulgamda ylym bilen baglanyşykly ýokary tehnologiýalar ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döreýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda Tatarystanyň sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak ulgamynda uly tejribe toplandygyny belläp, Türkmenistanyň döwrebap tehnologiýalar ulgamynda Tatarystanyň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-tatar iş toparynyň möhüm ornuny bellediler. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny anyklaşdyrmaga hem-de häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, degişli meseleler boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygynyň nusgalyk görelde bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda gazanylan ösen derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň Tatarystany ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz şunda Prezident Rustam Minnihanowyň hyzmatlaryny we onuň uly syýasy tejribesini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, şu saparyň türkmen-tatar dostlugyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýene-de bir ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordenini gowşurmaga tüýs ýürekden şatdygyny aýdyp, şu günki wakanyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň, özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň mizemezdiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Tatarystanyň Baştutany milli Liderimize bildiren uly hormat-sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu hormatly sylagy netijeli tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň çäklerinde okgunly ösýändiginiň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)