TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RUSTAM NURGALIÝEWIÇ MINNIHANOWY TÜRKMENISTANYŇ «GARAŞSYZLYK» ORDENI BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA PERMANY

26.09.2021

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşandygy üçin, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)