GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

27.04.2022

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi tämizligi we päkligi, ynsanperwerligi, haýry hem-de sahawatlylygy dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da, däp bolşy ýaly, keremli Oraza aýynyň sahawatly we bereketli Gadyr gijesiniň her bir maşgala ojaklarynda gadymy dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize laýyklykda, ajaýyp umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň hatyrasyna täze belent sepgitlere ruhlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn.

Türkmen halky müňýyllyklaryň synagyndan geçirilip gelnen milli ýörelgelerimize, gylyk-häsiýetlerimize we aňymyza siňen tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, belent adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat goýmak ýaly bütin adamzat üçin nusgawy ahlak kadalarydyr ruhy gymmatlyklary, dini düşünjeleriň esasynda nusgalyk ynanç-adatlary döredipdir. Kalbyny we bedenini tämiz saklan, ýüregi hem-de bütin durky bilen halallyga, päklige, dogruçyllyga, tagat-ybadata uýan ata-babalarymyzyň döreden bu nusgalyk ýörelgelerini häzirki döwürde mynasyp dowam etdirýäris. Ýüreklerimizde we aňymyzda ahlak, ruhy kämilligiň ýokary derejesi hökmünde hemişelik orun alan ýörelgelerimizi döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň taglymat esasy — milli döwletliligimiziň mizemez ýoly hökmünde has-da kämilleşdirýäris. Şoňa görä-de, milletimizi has-da jebisleşdirýän baýramlarymyzy we senelerimizi dabaraly belläp geçmek däbine eýerip, Gudraty Güýçli Beýik Allatagala tarapyndan keramatly Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine sahawatlylygyň we bereketliligiň mübärek gijesi hökmünde aýratyn hormat goýýarys. Müňýyllyklardan gözbaş alýan dini we dünýewi ýörelgelerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalaryny berip, birek-birege hoşamaý sözleri aýdýarys, tarawa namazlaryny, aýat-töwirleri okap, Garaşsyz Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň, beýik maksatlarymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň hatyrasyna alkyş-dilegleri edýäris.

Merdana pederlerimiziň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, jemgyýetimiziň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Bularyň ählisi Oraza aýynyň hem-de Gadyr gijesiniň jebisligimizi we rowaçlygymyzy has-da pugtalandyrmakdaky, nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini has-da artdyrýar, parahat, abadan, bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrýar.

Eziz halkym!

Türkmen halky dünýä medeniýetine we dinlerine, umumadamzat ösüşlerine uly goşant goşan halkdyr. Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, kaşaň köşkleri, metjit-medreseleri, kerwensaraýlary, kitaphanalary bilen ylym we bilim merkezleri hökmünde şöhratlanan Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri umumadamzat gymmatlygy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, agzybirlik hakynda şamçyrag kimin ýolgörkeziji taglymatlary döreden Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abdylla ibn Mübärek, Mahmyt Zamahşary, Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy kimin beýik akyldarlar bolsa Türkmenistanyň, türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikdiginiň hem-de dünýäniň medeni ösüşinde mynasyp orny eýeleýändiginiň anyk delilleri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň merdanalygyna, agzybirligine we jebisligine bil baglap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany beýik geljege alyp barýarys. Döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň pugta binýadyna öwrülen «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimizden ugur alyp, döredijilikli zähmetimiz hem-de belent watansöýüjiligimiz bilen başymyzyň täjine deňeýän Garaşsyz Watanymyzy özgerdýäris, Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeldýäris. Täze döwrümiziň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerimizi berkitmek, gazanylýan üstünliklere buýsanmak hem-de goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga- dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)