TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

20.04.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşary işler ministriniň şu gezekki saparyna ýurdumyzda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz myhmana bu saparyň möhüm ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça türkmen kärdeşleri bilen geňeşmeleri geçirmäge mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýändigi nygtaldy. Türkmen-ysraýyl döwletara gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, bu gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şol geçen döwürde Türkmenistan hem-de Ysraýyl birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesini topladylar. Hökümet wekiliýetleriniň derejesindäki özara saparlar we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeler, şeýle hem Aşgabatda Ysraýyl Döwletiniň ilçihanasynyň täze binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we diplomatik gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde utgaşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Ysraýyl Döwletiniň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, ýurtlarymyzda öndürilýän önümleriň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň sergilerini guramagyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Öz gezeginde, Türkmenistan Ysraýylyň oba hojalyk, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-ysraýyl gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär.

Myhman netijeli söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ysraýylyň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Şu gün paýtagtymyzda Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň hem-de Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Diýarymyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklary yzygiderli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär.

Şu günki waka türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýete eýediginiň, taraplaryň däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy, uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiginiň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolýandygy bellärliklidir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)