TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GFR-IŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

17.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi.

Işewürler wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-iň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän, ykdysady hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmak ugrunda amatly şertler döredilen Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, Germaniýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen mundan beýläk-de ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle hem köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasynyň bardygy aýratyn nygtaldy.

Ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow germaniýaly hyzmatdaşlaryň Aşgabada bu gezekki saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly hasaplanýan taslamalar we maýa goýum gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de pikir alyşmaga oňyn mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän, özara bähbitli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça ýola goýmak, işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň senagat, oba hojalygy, bank ulgamy, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandyklary bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda GFR-iň birnäçe iri kompaniýalary netijeli iş alyp barýarlar.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugruň hünärmenleriniň arasynda tejribe alşylmagynyň ýola goýulmagy, Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynyň öňdebaryjy german kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ugruň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda giň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň halkara derejede uly abraýa eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigi bellenildi. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy we köpugurly esasda ösdürilmegi Türkmenistanyň ýokary depginli, sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Dürli ugurlarda maýa goýumlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk binýady döredildi we munuň üçin amatly şertler üpjün edildi.

Köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak üçin uly geljegiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we GFR-iň işewürler bileleşiginiň wekilleri bu günki duşuşygyň türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygyny we işewürlik gatnaşyklaryny uzak möhletleýin esasda pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)